TGStat
TGStat
Введите текст для поиска
Расширенный поиск каналов
  • flag Russian
    Язык сайта
    flag Russian flag English flag Uzbek
  • Вход на сайт
  • Каталог
    Каталог каналов и чатов Региональные подборки Тематические подборки Платные каналы Поиск каналов
    Добавить канал/чат
  • Рейтинги
    Рейтинг каналов Рейтинг чатов Рейтинг публикаций
    Рейтинги брендов и персон
  • Аналитика
  • Поиск по публикациям
  • Мониторинг Telegram
  • Продвижение
    Реклама через Яндекс Бизнес Реклама в каналах через TGStat Agency Реклама на сайте TGStat.ru
Туркмены в Татарстане/ Tatarstandaky Türkmenler

31 Jan, 09:50

Открыть в Telegram Поделиться Пожаловаться

🚨 Gözegçilik edilýän şahslaryň sanawy: bu näme we oňa nähili girilýär

Russiýa Federasiýasynda migranty Gözegçilik edilýän şahslaryň sanawyna girizip bilerler — bu Russiýa Federasiýasynyň çäginde bolmaklygyň düzgün bozulmalary ýa-da hukuk töwekgelçilikleri bilen baglanyşykly bolan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk şahslaryň maglumatlar binýadydyr.

🔴Köp ýagdaýlarda sanawa goşulmaklyk awtomatiki usulda amala aşyrylýar.

🔹 Sanawa goşulmak üçin esaslar
1️⃣ Resminamalar bilen baglanyşykly kynçylyklar
Kanuny bolmagyň möhleti tamamlandy (90/360 gün, RWP, WNŽ, okuw RWP-sy)
Wizanyň, RWP-nyň ýa-da WNŽ-niň ýatyrylmagy
2️⃣ Bikanun gelmek we gorag bermekden ýüz öwrülmegi
Russiýa Federasiýasyna bikanun gelmeklik hasaba alynan bolsa
Bosgun diýlip ykrar edilmekden ýa-da wagtlaýyn gaçybatalga bermekden ýüz öwrülmegi
Bosgun statusyndan / wagtlaýyn gaçybatalgadan mahrum edilmek
3️⃣ Mejbury çäreler
Administratiw tertibinde ýurtdan çykarylmak
Deportasiýa, readmissiýa, gelmäge gadaganlyk baradaky çözgüt
Bolmaklygy islenilmeýän diýlip ykrar edilmegi
Russiýa Federasiýasyndan çykmak hukugynyň çäklendirilmegi
Wagtlaýyn bolmaklygyň möhletiniň gysgaldylmagy
4️⃣ Jenaýat we hukuk esaslary
Kazyýetiň aýyplaw hökümi
Bolmaklyk üçin beýleki kanuny esaslar bolmazdan Russiýa Federasiýasynyň raýatlygynyň bes edilmegi
(mysal üçin, harby hasaba durmakdan boýun gaçyrmak sebäpli Russiýa Federasiýasynyň pasportyndan mahrum edilmek)
5️⃣ Readmissiýa
Bolmaklyk üçin kanuny esaslar bolmadyk ýagdaýynda readmissiýa baradaky halkara şertnamasy boýunça Russiýa Federasiýasyna tabşyrylmak


🔴Eger-de sizi sanawa ýalňyşlyk bilen goşan bolsalar näme etmeli
✅ 1-nji usul. Içeri işler ministrligine şahsy ýüz tutmak
Hasaba duran ýeriňiz boýunça migrasiýa meseleleri bölümine ýüz tutuň.
Resminamalaryň asyl nusgalaryny alyň:
-pasport
-migrasiýa kartasy
-hasaba alyş resminamasy
-patent /RWP/WNŽ/ beýleki rugsatnamalar
Arza ýazyň we ýagdaýy jikme-jik beýan ediň.

💻 2-nji usul. Içeri işler ministrliginiň saýty arkaly onlaýn ýüz tutmak
-Raýatlaryň ýüz tutmalary üçin niýetlenen görnüş arkaly şikaýat tabşyryň
-Mesele barada gysgaça ýazyň
-Bolmaklyk üçin kanuny esaslaryňyzy görkeziň
-Ähli tassyklaýjy resminamalaryň skanirlenen nusgalaryny goşuň

⏱ Ýüz tutmany näçe çalt tabşyrsaňyz — ýalňyşlygy gyssagly düzetmek mümkinçiligi şonça ýokary bolar.

📌 Posty ýatda saklaň we paýlaşyň — bu beýlekilere kömek edip biler.

366 0 0 2 2
Каталог
Каталог каналов и чатов Подборки каналов Поиск каналов Добавить канал/чат
Рейтинги
Рейтинг каналов Telegram Рейтинг чатов Telegram Рейтинг публикаций Рейтинги брендов и персон
API
API статистики API поиска публикаций API Callback
Наши каналы
@TGStat @TGStat_Chat @telepulse @TGStatAPI
Почитать
Академия TGStat Исследование Telegram 2019 Исследование Telegram 2021 Исследование Telegram 2023
Контакты
Справочный центр Поддержка Почта Вакансии
Всякая всячина
Пользовательское соглашение Политика конфиденциальности Публичная оферта
Наши боты
@TGStat_Bot @SearcheeBot @TGAlertsBot @tg_analytics_bot @TGStatChatBot